BMW benzin bilen işleýän modelleriniň adyndan «i» harpyny aýyrdy

BMW kompaniýasy öndürýän ulaglaryny indeksleme ulgamyny üýtedýär. Mundan beýläk öndüriljek benzin bilen işleýän ulaglaryň adyndaky «i» harpy aýrylar diýip, «auto.ru» ýazýar.

Mundan öň modelleriň adyndaky «i» harpy inžektrli motorlary karbýuratorlylardan tapawutlandyrmak maksady bilen goýulýardy. Has takygy, «i» harpy «innovations» (innowasiýalar) manysynda gelýärdi. 

Elektrikli ulaglaryň öndürilip başlanmagy bilen «i» indi «täzelikleri» aňladyp başlady.

Şeýlelikde, BMW mundan beýläk bu belgini diňe elektrikli ulaglarynda ulanmak isleýär. Kompaniýa mundan 50 ýyl ozal hem modellerinde şeýle üýtgeşmäni girizipdi.

Konserniň ýokary ýolbaşçylarynyň biri bolan Berndt Kober bu üýtgeşikligiň kelläni bulaşdyrjak bulaşyklygyň öňüni aljak we BMW adalgasynyň has düşnekli bolmagyny üpjün etjek üýtgeşme boljakdygyny aýdýar.