Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.
Şu gün, 13-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy D.Gulmanowa bilen ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy T.Endonyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Eýranyň 28-nji halkara nebit, gaz, nebiti gaýtadan işlemek we nebithimiýa sergisinde (Iran Oil Show 2024) «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew çykyş edip, Eýran bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi.
Ozal habar berşimiz ýaly, 12-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy we bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmegiň wezipeleri bilen gyzyklandy, milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary barada söhbet etdi.