Mary welaýatynda Internet nokatlarynyň sany 50 müňe golaýlady

Soňky üç ýylyň içinde Mary welaýatynda Internet hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň sany ozalkysyndan 4 esse artyp, häzirki wagta çenli 50 müň ulanyja çenli ýetdi. «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk edarasynda 2021-nji ýyl üçin meýilleşdirilen işler hem talabalaýyk alnyp barylýar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bellän has amatly täze nyrhlary welaýatda ýokary tizlikli Internete isleg bildirýänleriň sanynyň görnetin artmagyna getirdi. Geçen ýylyň ahyrynda «Marytelekomyň» stansiýasynyň geçiriji enjamlarynyň kuwwaty ep-esli giňeldi.

Şeýlelikde, Internetden peýdalanyjylaryň sanyny ýene-de birnäçe müň adama çenli artdyrmaga mümkinçilik döredi. Ozalky ulanyjylarynyň arasynda nyrh meýilnamasyny üýtgedip, has ýokary tizlikli Internetden peýdalanmaga isleg bildirýänleri hem juda kän. «Marytelekomyň» işgärleri welaýatyň içindäki ulgamy ösdürmekden başga-da, halkara taslamalaryna hem gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzyň iň günorta nokady Serhetabatdan Owganystanyň Turgundy şäherine çenli 8 kilometrlik optiki-süýümli liniýa çekdiler we sekuntda 100 Gbit trafikli kommunikasiýa enjamyny oturtdylar.