Wirtual syýahat, wirtual barlaghana, elektron kitap, ykjam goşundylar― türkmen ýaşlarynyň täze oýlap tapyşlary

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen, hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde täze, netijeli gözlegleriň birnäçesi amala aşyryldy. Şu habarymyzda şolaryň käbiri dogrusynda gysgaça maglumat bermegi makul bildik.

Institutyň 2-nji ýyl talyby Parahat Esenow «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti bilen tanyşdyrýan wirtual syýahat programmasyny işläp düzdi. «Autodesk 3ds Max» programmasynda işlenen taslamada IT meýdançanyň 3 ölçegli görnüşi döredilip, onuň ähli bölümleriniň işi dogrusynda sesli düşündiriş berilýär.

Aşgabat şäherindäki 69-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rejepdurdy Meredowyň «Himiýa öwren» taslamasy hem özüne çekijidir. Onda wirtual barlaghana şertlerinde dürli tejribeleri geçirmek üçin mümkinçilik döredilýär. Elementleriň dürli täsirleşmeleri, himiki hadysalaryň asyl nusgalaryna laýyk görnüşler ony ulanyjyda uly gyzyklanma döredýär.

Institutyň 1-nji ýyl talyby Rahat Öwezowyň «Meniň Watanym Türkmenistan» atly elektron kitabyny okaýan adam ýörite programmany telefona ýükläp, kitabyň suratlaryny, wideoýazgylary görüp bilýär, ýagny suratlaryň hersi öwrediji wideogörnüşler bilen utgaşýar. Kitap «Unity» programmasynda taýýarlanypdyr.

«Android Studio» programmasynda döredilen «Onlaýn market» hem-de «Sorag-jogap» taslamalary institutyň 1-nji ýyl talyby Arazdurdy Halymowa degişli. «Onlaýn marketde» elektron söwdanyň döwrebap mümkinçilikleri hödürlenýän bolsa, «Sorag-jogapda» mugallymlaryň talyplardyr okuwçylaryň bilimini barlamagy üçin barlagnama sowallary ýerleşdirilipdir.

«Android» enjamlar üçin niýetlenen ýene-de bir programma «Zehinlije» ykjam goşundysydyr. 1-nji ýyl talyp Mämmetmyrat Mämmetmyradowyň işläp düzen goşundysy kiçi ýaşly çagalara niýetlenip, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge hem-de bilimini barlamaga ýardam edýär. Şu maksat bilen «Zehinlijede» dürli sowallaryň barha çylşyrymlaşýan toplumy ýerleşdirildi.

Golografiýanyň inçe syrlaryny ele alan 1-nji ýyl talyp Bahaweddin Annanyýazow gologrammalary döredýän programmasyna patent almagy maksat edinýär. Ol «Unreal Engine» programmasy esasynda döredilipdir. Onuň gologramma şekillerini kameraly ekranda köp ölçegli synlap bolýar. Ekranyň öňündäki adam şekiliň haýsy tarapyna seretse, şol tarapy görünýär, ýagny ýüzüňi gapdala öwürseň, şekiliň gapdallaryny, ýokarsyna seretseň, ýokarky tarapyny, hatda arkasyny-da görmek bolýar. Bu usuly, mysal üçin, sergilerde ulanmak has-da täsirli bolup biler.

Institutyň 1-nji ýyl talyby Durdygylyç Mergenowyň «eMekdep» programmasy eýýäm durmuşa ornaşdyrylyp başlandy. Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky 2 mekdebiň degişli maglumatlary ulgama ýüklenýär. Ol «PHP» programma dilinde «Laravel» kitaphanalaryndan peýdalanyp döredildi.

Sanly mekdebi dolandyryş ulgamy mekdep müdiriniň, mugallymlaryň, ene-atalaryň hem-de okuwçylaryň ýakyn arabaglanyşygyny üpjün edýär. Okuwçynyň ýetişigi bilen ene-atasy dessine tanyş bolýar, sebäbi onuň alan bahalary hakynda-da görkezilen telefona SMS habary barýar. «Iň ökde okuwçylar» bölüminiň bolmagy ýaşlary has-da yhlasly okamaga, özlerini göreldeli alyp barmaga höweslendirýär.

Programmanyň goýlan bahalar esasynda okuwçylaryň ýetişigini her çärýekde hasaplaýandygy we beýleki görkezijileri ýüzugra jemleýändigi, täzelikleri, üýtgeşmeleri basym habar berýändigi esasy amatlyklarydyr.

Häzirki wagtda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde taýýarlanan ylmy işlerdir innowasiýalary we oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.

«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde döredildi.