Aşgabat–Daşoguz we Daşoguz–Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawy ýola goýuldy

2021-nji ýylyň mart aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de iki gezek Aşgabat–Daşoguz we Daşoguz–Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylandygy barada habar berýäris.

Her bir ýolagçy ýol petegini almazdan öň, «Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasy we Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan «Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy» bolmaly. Ýolagçylar ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty agzalan resminamalar talap edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082.