2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden şäherara awtobus gatnawlarynyň üçüsi synag hökmünde dikeldiler

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden şäherara awtobus gatnawlarynyň üçüsiniň synga hökmünde açylýandygyny habar berýäris. Olar Aşgabat ― Daşoguz ― Aşgabat, Aşgabat ― Mary ― Aşgabat, Aşgabat ― Türkmenbaşy ― Aşgabat ugurlarydyr.

Synag hökmünde açylýan täze ugurlar bilen baglylykda «Türkmenawtoulaglary» agentligi sürüjilerden we ýolagçylardan birnäçe talaplary bildirýär. Ine, şol talaplar:

  1. Ýurdumyzyň çäklerine ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ulag serişdeleriniň ähli görnüşlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmegiň Tertibine laýyklykda, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şäherara ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçirilmeli;
  2. Her bir ýolagçy ýol petegini almazdan öň «Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasy we Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan «Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy» bolmaly;
  3. Ýolagçylar ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty şu tertibiň   ikinji bölegindäki resminamalar talap edilmeýär;
  4. Aşgabat ― Daşoguz ― Aşgabat şäherara ugry boýunça gatnaýan awtobuslara başlangyç we ahyrky duralgadan başga ýerlerde ýolagçy mündürmegi gadagan etmeli;
  5. Her bir ýolagçy awtomenzile girmezden ýa-da awtobusa münmezinden öň bedeniniň gyzgyny ölçenilip, antiseptiki serişdeler bilen elleri zyýansyzlandyrylmaly, awtomenzilde we awtobusda agyz-burun örtüklerini ulanmagy, kesgitlenen aralygy saklamak bilen jemgyýetçilik gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmeli;
  6. Ýolagçylaryň ýol petegi we degişli saglyk kepilnamasy bolmadyk we bedeniň gyzgyny ýokary bolan ýagdaýynda, olaryň awtobuslara mündirilmegini gadagan etmeli;
  7. Şäherara ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslar diňe welaýatlaryň araçäklerinde ýerleşýän gara ýollaryň ugrundaky gözegçilik nokatlarynda saklanylyp we ol ýerdäki topar tarapyndan ýolagçylaryň degişli resminamalary barlanylyp bilner, şol wagtda sürüji awtobusyň içini ýelejiretmeli;
  8. Türkmenistan Içeri işler ministrliginiň jemgyýetçilik howpsuzlyk bölümi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we kesselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy tarapyndan tertip düzgüniň we jemgyýetçilik gigiýena düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edilmeli.

Aşgabat ― Daşoguz ― Aşgabat, Aşgabat ― Mary ― Aşgabat, Aşgabat ― Türkmenbaşy ― Aşgabat şäherara ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawyny ýola goýmak boýunça synag hökmünde gatnamagyň: 
Tertibi

Ugruň ady Awtobusyň 
ýolagçy sygymlylygy  

Awtobusyň

sany

Her hepdäniň Barýan wagty
Ugraýan wagty
1. Aşgabat-Daşoguz 44 3

duşenbe

07:00-07:30-08:00

penşenbe

07:00-07:30-08:00

şenbe

07:00-07:30-08:00

duşenbe

17:00-17:30-18:00

penşenbe

17:00-17:30-18:00

şenbe

17:00-17:30-18:00

2. Daşoguz-Aşgabat 44 3

sişenbe

07:00-07:30-08:00

anna

07:00-07:30-08:00

ýekşenbe

07:00-07:30-08:00

sişenbe

17:00-17:30-18:00

anna

17:00-17:30-18:00

ýekşenbe

17:00-17:30-18:00

3. Aşgabat-Mary 44 4

çarşenbe 

07:00-07:30-
08:00-08:30

anna

07:00-07:30-
08:00-08:30

şenbe 

07:00-07:30-
08:00-08:30
 

çarşenbe 

14:00-14:30-
15:00-15:30

anna

14:00-14:30-
15:00-15:30

şenbe 

14:00-14:30-
15:00-15:30

4. Mary-Aşgabat 44 4

penşenbe

07:00-07:30-
08:00-08:30

şenbe

07:00-07:30-
08:00-08:30

ýekşenbe

07:00-07:30-
08:00-08:30

penşenbe

14:00-14:30-
15:00-15:30

şenbe

14:00-14:30-
15:00-15:30

ýekşenbe

14:00-14:30-
15:00-15:30

5. Aşgabat-Türkmenbaşy 44 1

şenbe

07:00

şenbe

18:00

6. Türkmenbaşy-Aşgabat 44 1

ýekşenbe 

07:00

ýekşenbe

18:00