Aşgabatda täze awtobus gatnaw ugurlary açyldy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 10-njy iýunyndan 76-njy “Awtokombinat – Howa menzili”, 102-nji “Awtokombinat – Teke bazar” we 103-nji “Parahat – Howa menzili” täze awtobus ugurlarynyň açylýandygyny.

Olaryň arasynda paýtagtyň etegindäki «Altyn asyr: Gündogar bazaryna» açylan täze ugur hem bar.

Has takygy, Aşgabatda aşakdaky täze awtobus ugurlary açyldy:

76-njy “Awtokombinat – Howa menzili” ugry boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe – Oguzhan köçe – N.Andalyp köçe – Görogly köçe – S.Türkmenbaşy şoýoly – Magtymguly şaýoly – N.Andalyp köçe – H.A.Ýasawy köçe – B.Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip, Howa menziline barýar hem-de yzyna B.Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – G.Kulyýew köçe – G.Bäşiýew köçe – A.Jallyýew köçe – N.Andalyp köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – A.Nyýazow köçe bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

89-njy “Parahat – “Altyn Asyr Gündogar” bazary” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Annanow köçe – Ýunus Emre köçe – Ankara köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Andalyp köçe – Watan köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, “Altyn Asyr Gündogar” bazaryna barýar hem-de yzyna A.Nyýazow şaýoly – Watan köçe – N.Andalyp köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Ankara köçe – Ýunus Emre köçe – B.Annanow köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

102-nji “Awtokombinat – Teke bazar” ugry boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe – Oguzhan köçe – B.Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – A.Nowaýy köçe – D.Azady köçe – A.Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna M.Kaşgary köçe – D.Azady köçe – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – B.Türkmenistan şaýoly – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip , “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

103-nji “Parahat – Howa menzili” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – A.Nowaýy köçe – Görogly köçe – A.Nyýazow şaýoly – A.Berdiýew köçe – B.Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip, Aşgabat halkara howa menziline barýar hem-de yzyna B.Türkmenistan şaýoly – A.Berdiýew köçe – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – B.Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-33-90, 44-33-91.