Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda täze Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-nji iýulda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi. «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi täze döredilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna berildi.