«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna berildi

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna berildi
 
«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy iýulda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çeken resminamasyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna berildi. Şeýle-de täze döredilen bu agentlige  «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hem birikdirildi.