Hormatly ýolagçylar!

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 08-nji awgustyndan 110-njy “Awtokombinat –Mahmyt Işan Metjidi” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.  

  • 110-njy “Awtokombinat –Mahmyt Işan Metjidi” ugur boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar-A.Nyýazow şaýoly–Gündogar köçe –Oguzhan köçe-B.Annanow köçe –Magtymguly şaýoly- Andalyp köçe-Görogly köçe bilen hereket edip, “Görogly köçesinden” aýlanyp yzyna Görogly köçe- Andalyp köçe –Magtymguly şaýoly– B.Annanow köçe- Oguzhan köçe-Gündogar köçe-A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91