Aşgabatda «Teke bazar – Kardiologiýa merkezi» ugry boýunça gatnaýan 8-nji belgili awtobusyň hereket ugruna üýtgetmeler girizildi

 «Türkmenawtolaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan islegini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 3-nji sentýabryndan 8-nji «Teke bazar – Kardiologiýa merkezi» ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleri girizýär. 

Üýtgeşmeler esasynda 8-nji belgili «Teke bazar – Kardiologiýa merkezi» ugry boýunça awtobusyň hereket gatnawy indi «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar we M.Kaşgary köçe ― D.Azady köçe ― A.Nyýazow şaýoly – S.Seýdi köçe – Tähran köçe – Mollanepes köçe – A.Nyýazow şaýoly – Garaşsyz şaýoly –Arçabil şaýoly – Çandybil şaýoly bilen hereket edip, «Kardiologiýa merkezine» barýar. Bu belgidäki awtobuslar «Kardiologiýa merkezinden» yzyna ugrap, «Arçabil şaýoly – Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – A.Nowaýy köçe – D.Azady köçe – A.Gowşudow köçe bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna dolanyp gelýär. 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91