“Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky” Düzgünnama üýtgetmeler taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew anna güni geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisinde “Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky “Düzgünnamany” kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Resminamada sürüjilik mekdepleriniň, awtoulaglaryň, motosiklleriň, traktorlaryň we oba hojalyk tehnikasynyň sürüjilerini taýýarlamak we täzeden taýýarlamak, olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak işini düzgünleşdirmek, şeýle hem sürüjilik mekdeplerinde onlaýn formatda okuwlary guramak meseleleri göz öňünde tutulýar.

Düzgünnamada taraplaryň hukuklary we borçlary, awtoulag sürüjileriniň hünärini kämilleşdirmegine bildirilýän talaplary giňişleýin beýan edilmelidir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary derejeli sürüjileri taýýarlamakda, sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ulanmak bilen sürüjilik mekdeplerini döwrebaplaşdyrmakda degişli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.