Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Türkmenistana döwlet saparyna çagyrdy

Şu gün – 12-nji oktýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) mejlisine gatnaşýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada akorda.kz. saýtynda habar berilýär

Duşuşygyň barşynda Gazagystanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Türkmenistanda geçirilen üçünji konsultatiw duşuşygynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açandygyny aýtdy. Gazak Lideri CICA-nyň Daşary işler ministrler geňeşiniň 6-njy mejlisine gatnaşandygy we Gazagystanyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan — Gazagystan syýasy, söwda we ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle hem sebit howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanda geçiriljek 6-njy Hazar sammitine taýýarlyk barada-da pikir alyşdylar.

Wise-premýer Raşid Meredow mähirli garşylanandygy üçin gazak Liderine minnetdarlyk bildirdi we hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny ýetirdi we Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çaklygyny gowşurdy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti ýakyn wagtda Aşgabat şäherine sapar bilen barmaga taýýardygyny tassyklady we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryna hil taýdan itergi berjekdigini nygtady.