Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. 

Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Wise-premýer Ç.Gylyjowa 25-nji dekabrdan başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramak, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmak tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramak tabşyryldy.