Türkmenistanda Alabaý güni indi oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniler

Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde belläp geçmeli.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegine ýardam bermeli.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

«Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 810-njy Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2021-nji ýyldaky 2-nji ýygyndysynyň 1791-nji maddasy) ikinji — dördünji böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.