Türkmenistan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň halkara şertnamalaryna goşular

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça geçirilýän işler barada 14-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Degişli şertnamalara goşulmak Türkmenistana Hytaý we Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr gatnawlar babatda bitewi nyrhlary ylalaşmak üçin amatly esasy işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Hytaý — Ýewropa ugry boýunça Halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we täze ugurlary açmak, konteýnerli ýük daşamalaryň gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin bäsdeşlige ukyply, amatly nyrh syýasatyny emele getirmegiň zerurdygy barada belledi.

Türkmenistan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu guramanyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna “Türkmendemirýollary” agentliginiň goşulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy öwrenildi.

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyna eýedigini aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti yklymara ulag düzüminiň möhüm bölegi bolup durýan Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň uly halkara ähmiýetini nygtady.

 Döwlet Baştutany pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak bilen baglanyşykly teklipleri makullady, şeýle hem bu ugurdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.