Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy

6-njy maýda geçirilen Hökümetiň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Pürçekowa Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi paýtagtymyzdan 30 kilometr günorta-günbatarda gurlar we onuň bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna deňdir. Gurluşyk işleri iki tapgyrda alnyp barlar.

Welaýatyň täze merkezinde 12 müň 324 maşgala niýetlenen, smartfon arkaly dolandyrylýan 2, 5, 7 we 9 gatly «akylly» ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şäheriň düzümi: çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen bilim-terbiýeçilik edaralaryny, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamlaryna degişli edaralar, sport desgalary, dolandyryş binalary, ulag-aragatnaşyk hem-de inžener-tehniki ulgamlar ýaly jemgyýetçilik we beýleki maksatly binalary öz içine alar.

Ýatlatsak, bu giň möçberli taslama 2019-njy ýylda badalga berildi we Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygyny şu ýylyň dekabr aýynda - Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe tamamlamak maksat edinilýär.