Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedildi

Ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Türkmenistanda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy diýlip atlandyryldy we onuň Düzgünnamasy tassyklandy.

Bu çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy maýda gol çeken Karary esasynda durmuşa geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Resminama bilen birlikde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgeşmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.