Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy geçirildi

12-nji maýda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlykly etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy öz işine başlady.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Parlamentin Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýanynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň dowamynda kanunçykaryjylyk ulgamynda, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni we ynsanperwer ulgamlarda ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Forumyň netijeleri boýunça 11 sany wajyp wezipeleri hem-de çözgütleri öz içine alýan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Şeýle hem hyzmatdaşlyk babatda 2 sany ylalaşyga: Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýanynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşiniň iň ýokary sylagy bolan «Hormatly aksakgal» altyn ordeni hem-de «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnaly bilen bilelikde döredilen «Dede Korkut» milli gaznasynyň ýokary sylaglary — «Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin» milli baýragy we «Ulu türk» altyn ordeni bilen sylaglandy. Şeýle-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permany bilen, Russiýa Federasiýanynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy.