Halk Maslahatyň Başlygy Tatarstanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny gutlady we Türkmenistana çagyrdy

23-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda gürrüňdeşler parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasynda dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, kärdeşini 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Gutlamak bilen, Gahryman Arkadagymyz Tatarstanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny islendik wagt Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy hem-de şol saparyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.