Türkmenistanyň Prezidentiniň ýüpekçilere zähmet ýeňişleri mynasybetli Gutlagy

Türkmenistanyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, dokma pudagy üçin bu ýokary hilli çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. 

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkymyzy we ýurdumyzyň edermen ýüpekçilerini ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen gutlady diýip, türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz öz gutlagynda biz geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberini has-da artdyrmagy göz öňünde tutýarys. Bu bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer diýip nygtady.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpek önümçiligine aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ýüpek önümçiligi döwrüň ösen talaplary esasynda ýola goýuldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolup, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy.  

Gutlag hatynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ýüpekçileri we ähli türkmen halkyny pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, uly zähmet üstünliginiň gazanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýady we berk jan saglyk, abadan durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda çekýän yhlasly zähmetlerinde has-da belent sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaraly çäreleri geçirmegi we tapawutlanan pileçilere hem-de ugurdaş kärhanalaryň işgärlerine sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlag hatynyň doly mazmuny bilen «TDH» Döwlet habarlar agentliginiň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.