Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistan daşary ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikelder

11-nji iýunda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýakyn wagtda daşary ýurtlar bilen halkara gatnawlary dikeltmek tabşyryldy diýip, «TDH» Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäde koronawirus ýokanjy bilen bagly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiňaçylýandygyny belledi.

Ýatlatsak, COVID-19 pandemiýasynyň başlanan wagty, ýagny 2020-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen dowamly howa gatnawlary duruzyldy. 6-njy maýda bolsa howa gatnawlarynyň bölekleýin dikeldilýändigi mälim edildi. Häzirki wagtda Türkmenistandan howa gatnawlary iki ugur boýunça – Kazan we Dubaý şäherlerine amala aşyrylýar.