Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky resmi sapary

14-nji iýunda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmen Liderini Eýran Yslam Respublikasynyň Ulag we şähergurluşyk ministri, şeýle hem resmi adamlary uly hormat bilen garşyladylar diýip, IRNA hanarlar agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerden resmi wekiliýetler zalyna bardy. Bu ýerde çaý başynda kabul edýän tarapyň wekili bilen gysga söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we netijeliligi, şeýle-de iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna hem-de özara düşünişmegine ýardam berýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ysnyşykly häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň awtomobil kerweni howa menzilinden «Saadabad» köşkler toplumynyň «Serwestan» binasyndaky sapar wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.

15-nji iýunda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi duşuşygy geçiriler. 

Ýokary derejedäki bu gepleşikleriň dowamynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek boýunça taraplaryň çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.