Türkmenistanyň Prezidentiniň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara Gutlagy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda açylan Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz öz hatynda hemmeleri Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu özboluşly sungat baýramynyň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny täze ösüşlere besleýändigini, eziz Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrýandygyny belledi. Bu sungat baýramy medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň her biri ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, bu ulgamdaky ösüşlerimizi giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, muzeýleriň iş tejribesini öwrenmek, özleşdirmek, öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek, milli taryhy-medeni mirasymyzy aýap saklamak, oba medeniýet öýleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek, teatr sungatynyň täze eserlerini döretmek boýunça geçiriljek maslahatlar, sergiler, täze filmleriň görkezilişleri, döredijilik toparlarynyň konsertleri Medeniýet hepdeligini ýatdan çykmajak wakalara beslär diýip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän gadymy Mary topragynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigy täsinliklerimiziň ençemesiniň ýerleşýädigini hatynda aýratyn belläp geçýär.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki, şeýle hem Goňurdepe, Daňdanakan we beýleki birnäçe taryhy ýadygärlikler medeni gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň genji-hazynalarydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly,  Barbat Merwezi, Abdylla ibn Mübärek Merwezi, Şemseddin Merwezi ýaly alymlaryň we akyldarlaryň, şeýle hem Mahesti, Muezzi, Mollanepes ýaly şahyrlaryň, sazyň piri Baba Gammaryň ýaşap geçen Mary topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň, edebiýatyň, sungatyň ösen ýeri hökmünde giňden meşhurdyr. Olaryň baý edebi mirasy ýaş nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gadymy gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynyň ahyrynda Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Ýatlatsak, iýun aýynyň ahrynda bir hepdäniň dowamynda Türkmenistanda her ýylda geçirilmegi däp bolan Medeniýet hepdeligi bellenilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda yzygiderlilkde geçirilýän bu medeniýet baýramçylygy üstümizdäki ýylda 22-nji iýunda Mary welaýatynda açyldy.