Türkmenistan ýer titreme heläkçiligine uçran Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi. DIM-niň ýolbaşçysy Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme sebäpli bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi we Türkmenistanyň ýakyn wagtda Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini ýollamaga taýýardygy barada habar berdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.