Türkmenistanyň we Gruziýanyň haryt dolanyşygynyň mukdary ýokarlandy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň mukdary 19,3% ýokarlandy.

Gruziýanyň Milli statistika komitetiniň getirýän maglumatlaryna laýyklykda, 2022-nji ýylyň birinji ýarymy boýunça ýurtlaryň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 112,5 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu babatda geçen ýylyň netijesine nazar aýlananda, dolanşygyň jemi möçberi 94,3 million ABŞ dollaryndan az boldy.

Netijede, 2022-nji ýylyň ilkinji alty aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 16,6% ýokarlandy, Türkmenistanyň Gruziýadan eden importy bolsa 52%-e ýetdi.