Türkmenistanyň Prezidenti we ýurduň ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsadyna çykýar

8-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi. Döwletiň ýolbaşçylar düzümi bilen birlikde bu döwürde ýurt Baştutany hem zähmet rugsadynda bolar.

Şunuň bilen baglylykda, 29-njy iýulda geçirilen Minstrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyny, şonuň bilen birlikde hem birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini belledi.

Ýurduň ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsady döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Arçmanda» we «Ýylysuwda» ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.