Türkmenistanyň awtoulag mekdeplerinde okaýanlaryň sany gün-günden artýar

Türkmenistanyň awtoulag mekdeplerinde sürüjilik okuwlaryny geçýän raýatlaryň sanynyň barha artýandygyny «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan berilýän maglumatlar aýdyň görkezýär.

Bu babatdaky maglumatlara laýyklykda, awtoulag mekdeplerinde 2021-nji ýylyň dowamynda jemi 27 müňden gowrak raýat okuw geçdi.

Belläp geçsek, Awtomobil mekdepleriniň birleşigi 1996-njy ýylda döredilip, häzirki wagtda ýurt boýunça oňa degişli jemi 39 sany awtoulag mekdebi bar. Olardan Aşgabat şäherinde 3-üsi, Ahal welaýatynda 6-sy, Balkan welaýatynda 6-sy, Daşoguz welaýatynda 5-isi, Lebap welaýatynda 8-isi we Mary welaýatynda hem 11 sanysy ýerleşýär.

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginde ýurduň kämillik ýaşyna ýeten, şeýle-de saglyk ýagdaýy oňat we psihiatrda hem-de narkologda hasapda durmaýan raýatlary okuwlary geçip biler. Mundan başga-da, bu okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlar (Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan), şeýle-de gepläp bilmeýän we eşidişi pes bolan raýatlar hem okap bilerler.