«Türkmenawtoulaglary» agentligi ýükleri daşamaga daşary ýurt rugsadyny almak üçin arzalary kabul edip başlady

«Türkmenawtoulaglary» agentligi 2023-nji ýylda awtoulag serişdelerinde ýükleri daşamaga daşary ýurtlardan rugsat almak üçin Türkmenistanyň ýük daşaýjy kärhanalarynyň arzalaryny kabul edip başlady.

Agentlik bu işleriň ýerine ýetirilmegi bilen bagly umumy sanawlary işläp taýýarlar we türkmen ýük gatnadyjylaryna ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda daşary ýurtlaryň çäginde hereket etmäge mümkinçiligiň berilmegi üçin daşary ýurtlaryň degişli edaralaryna iberer.

Arzalar 2022-nji ýylyň 20-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Bu babatda has giňişleýin maglumatlary 39-03-34, 39-03-35, 39-03-36 telefon belgilerine jaň edip anyklap bilersiňiz.