Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi

Şu gün — 3-nji awgustda «Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara sport ýaryşlarynda, has takygy Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça guralan «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Halkara ýaryşlarynda netijeli üstünlikleri gazanan türgenleri sylaglamak dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýeňiji bolan türgenlere iberen Gutlagy okaldy. Soňra bolsa ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. 

Ýokary derejede çykyş edip baýrakly orunlary eýelän bu türgenleriň hatarynda Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medallara mynasyp bolan türgenler Medine Amanowa hem-de Saparly Muhyýew, şeýle-de Russiýa Federasiýasynda guralan «Ýüpek ýoly — 2022» halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew dagy bar.

Dabaranyň dowamynda türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Şunuň bilen bilrikde awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Nissan Pathfinder» sport awtoulagy sowgat berildi.