Gazagystan dizel ýangyjynyň bahasyny gymmatladar
Gazagystanyň Energetika ministrligi dizel ýangyjynyň bahasyna tapawutly üýtgetmeleri girizmegi meýilleşdirýär. Munuň netijesinde bolsa ýurtda dizel ýangyjy daşary ýurtly raýatlaryň peýdalanmagy üçin gymmat bahadan satylar.
Ýangyjyň bahasyna girizilýän tapawutly üýtgetmeler dizel ýangyjynyň ýurtda ýetmezçilik etmeginiň öňüni almak bilen baglanyşyklydyr.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berlişi ýaly, bu çäreler ilkinji nobatda üstaşyr geçýän halkara ýük gatnawynyň ulaglarynyň çykdajylaryna täsirini ýetirmek bilen, ýurduň çäginden geçýän awtoulaglaryň harajatlarynyň artmagyna getirer. Sebäbi Gazagystanyň çägine her günde takmynan 4,5 müň awtoulag girýär we olaryň köpüsi daşary ýurt belgili awtoulaglardyr.
Statistik maglumatlara laýyklykda, häzirki wagta çenli bahasynyň arzan bolmagy sebäpli ýangyç we çalgy ýaglarynyň satuwy takmynan 120 000 tonna ýokarlanypdyr.