Döwlet Baştutanymyz gämileriň dabaraly harby-deňiz ýörişini synlady
10-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň «Garşy» deňiz birikmesine bardy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde «Deňiz han» atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyş boldy. Soňra bolsa döwlet Baştutanymyz harby gämileriň dabaraly ýörişine syn etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, harby gämileriň dabaraly ýörişinde Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler, Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Onda dabaraly ýörişiň öňüni «Arkadag» atly serhet gorag kateri çekdi. Onuň yzy bilen Harby-Deňiz Güýçleriniň esasy urgy güýji bolup durýan, iň häzirki zaman ýaraglar bilen üpjün edilen hem-de garşydaşyň suwüsti we pesden düşýän howa nyşanlaryny, desant toparyny hatardan çykarmaga hem-de döwletiň deňiz serhetlerini ygtybarly goramaga niýetlenen «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri geçdiler.
Soňra ýörişiň dowamynda gämileri ýangyç, agyz suwy, azyk we beýleki serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek, halas ediş işlerini ýerine ýetirmek, heläkçilige uçran gäminiň şahsy düzümini halas etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýän Harby-Deňiz Güýçleriniň 60 metr labyr göçüriji tirkeg-üpjünçilik «Eserdeň» atly gämisi geçdi.
Ondan soň dabaraly ýörişi dürli kysymly gorag gämileri dowam etdiler. Olaryň hatarynda «Galkan» taslamaly «Algyr» we «Hanjar» gorag gämileri, «Asuda», «Mergen», «Hüşgär» we «Synmaz» serhet gorag gämileri, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň garamagyndaky «Sakçy» taslamaly «Naýza», «Kämil», «Galjaň» we «Gaplaň» gämileri bar.
Ýörişiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna «Umman» gidrografik gämisi hem görkezildi, ol Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenendir.
Dabaraly ýörişde Harby-Deňiz Güýçleriniň deňizde halas ediş işlerini geçirmek, ýangyna garşy göreşmek, gämileri çekmek we itmek hem-de olaryň hereketlerine goldaw bermek üçin niýetlenen gämiler we katerler, deňiz çuňlugynyň tebigy relýefini öwrenmek, gämileriň hereketi üçin deňziň çuňlugyny ölçemek hem-de suwasty maglumatlary toplamak üçin niýetlenen «Asuda» atly gidrografik gämi, içerki suwlarda gämilere gözegçilik etmek, gorag we gözleg-agtaryş işlerini geçirmek üçin niýetlenen katerler we beýleki maksatly gämilerdir katerler görkezildi.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler, Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary ýurduň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün edýärler.