Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazananlarynyň tanyşdyryş-sergisi bolar

Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde 15-16-njy awgustda Awazada geçiriljek Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň häzirki wagta çenli gazanan netijelerini we ýeten sepgitlerini giňden tanyşdyrýan sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda hasabat berdi. Degişli habary Türkmen döwlet habarlar agentligi sahypalarynda beýan edýär.

Halkara maslahat bilen utgaşykly geçiriljek sergi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolagçy terminalynda bolar. Oňa ýurduň Deňiz-söwda floty, Halkara awtomobil ýük gatnawlarynyň türkmen birleşigi, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi, «Türkmenpoçta» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we beýleki degişli edara-kärhanalar gatnaşyp, ulag ulgamyndaky ýeten derejeleri, hödürleýän hyzmatlary we geljek üçin niýetlenen ösüş ugurlary bilen tanyş ederler.

Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, şeýle-de BMG-niň birnäçe edaralary hem gatnaşar. Habarda bellenilişi ýaly, ministrler derejesinde geçiriljek Halkara maslahata dünýäniň 39 ýurdundan hem-de 34 halkara guramadan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.