«Awaza» kongresler merkezinde halkara ulag maslahaty öz işine başlady

Şu gün «Awaza» kongresler merkezinde 15-16-njy awgustda iki günläp dowam etjek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady. Halkara ulag forumy «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» mowzugy esasynda geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.

Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, «Awaza» kongresler merkezinde guralan elektron görnüşli ulag sergisine aýlanyp gördüler.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşiginiň belent münberinden öňe sürlen teklipleriň, kabul edilen Kararnamalaryň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn ünsi çekdi we Türkmenistanyň bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady. Maslahata gatnaşyjylar şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýollan ýüzlenmesini diňlediler.

Ýeri gelende maslahatda dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän wekilleriň pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag ulgamynyň ornuny giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin gatnaşýandygyny bellemek gerek.