Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny taýýarlamagy teklip etdi

15-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilýän Halkara maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň global ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ornuny ýokarlandyrmak bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. 

RIA habarlar gullugynyň ýetirýän bu habarynda beýan edilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, Türkmenistan ähli konstruktiw teklipler we maslahatlar üçin açyk bolan degişli resminamany işläp taýýarlamaga girişip biler.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilýän Halkara maslahat 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda iki günläp dowam edýär.