Türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde hyzmatdaşlyk ugurlary bilen bagly gepleşikleri geçirdi
2022-nji ýylyň 14 — 16-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi ýolbaşçylar düzümi bilen birnäçe özara bähbitli ugurlar babatda gepleşikleri geçirdi. Bu barada DIM-iň resmi saýtynyň sahypalarynda beýan edilýär.
Bu saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň «Etihad Rail» demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi hem-de BAE-niň «Dubai Nasdaq» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.
Wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda özara söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da, olarda iki ýurduň mümkinçiliklerini açmaga ýardam edip biljek şertler dogrusynda bellenildi.
BAE-niň «Etihad Rail» demir ýol edarasy bilen Türkmenistanyň «Türkmendemirýollary» agentliginiň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we BAE — Eýran — Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligini, şeýle hem BAE-e Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi bilen birleşmäge mümkinçilik bermek barada gürrüňdeşlik geçirildi. Gepleşiklerde şeýle hem Türkmenistanyň Dubaýa täzeden howa gatnawlaryny ilkinjileriň hatarynda ýola goýandygyna aýratyn üns çekildi.