«Türkmenawtoulaglary» agentligi ykdysady üstünlikleriň sergisine işjeň gatnaşýar

2022-nji ýylyň 20-21-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde «Türkmenawtoulaglary» agentligi soňky ýyllarda iş çygrynda durmuşa geçirilen özgertmelerini tanyşdyrdy.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi we onuň düzümine girýän pudaklar ýolagçylary gatnatmakda hem-de ýükleri daşamakda şärerara, şäheriçi hem-de halkara gatnawlary ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda agentlik 600-den gowrak gatnaw ugurlary boýunça hyzmatlary hödürleýär. Şunuň bilen birlikde hem 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan agentlik tarapyndan 26 sany täze we 22 sany üýtgedilen täze awtobus gatnaw ugurlarynyň işe girizilendigini aýtmak zerur. Agentligiň ulaglar parkynda Aşgabat şäheri hem-de ýurduň ähli welaýatlary boýunça hyzmat edýän täze ýeňil taksi awtoulaglarynyň bolup, olarda zähmet çekýän sürüjiler raýatlara medeniýetli gatnaw hyzmatyny ýetirýärler.

Geçen 31 ýylyň dowamynda, has takygy Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurda köp sanly özgertmeler girizilip, şolaryň hatarynda jemgyýetçilik ulaglaryna elektron töleg ulgamy ornaşdyryldy. Bu hili tölegleri amala aşyrmak mümkinçilikleri şeýle-de jemgyýetçilik taksi ulaglaryna hem ýerleşdirildi. Ýene bir mümkinçilik hökmünde indi raýatlaryň şäherara hem-de şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslarynyň peteklerini onlaýn görnüşde alyp bilýändigini nygtamak bolar. Bulardan başga hem ýolagçylara amatly bolmagy nazarda tutulyp, sanly ulgam şertlerinde «Duralga», «Şäher bilet» we beýleki ykjam goşundylar döredildi.