Paýtagtymyzyň günortasynda esasy çatryklaryň biri abatlanyldy

Aşgabat şäheriniň günorta çäginde ýerleşýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan köçeleriniň birikýän ýerindäki aýlaw çatrygy wagtlaýyn geçirilen abatlaýyş işlerinden soň, ulanylyşa girizildi.

Täze durka getirilen aýlaw ýol täsin mozaika bezegleri bilen bezeldi. Onuň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň 31 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy baýramçylygyň ähmiýetini artdyrdy. Hususan-da, bu ýer pyýadalaryň geçmekleri we dynç almaklary üçin ajaýyp ýerleriň birine öwrüldi.

Ýeri gelende häzirki wagtda abatlaýyş işleri dowam etdirilýän Arçabil şaýolunyň beýleki köprüleriniň gurluşygynyň hem ýerine ýetirilip ýakyn geljekde ulanylmaga beriljekdigini aýtmak gerek.