Aşgabatda hyzmat etjek taksileriň üsti 150 sany awtoulag bilen ýetirildi

Ýakyn günlerde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parky täze satyn alnan 150 sany «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglary bilen üpjün edildi. Bu ulaglar Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça satyn alyndy diýip, TDH-niň saýty habar berýär.

Täze awtoulaglaryň GPS ulgamy bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. GPS ulgamynyň bu ulaglara ornaşdyrylmagy häzirki wagtda awtoulag serişdesiniň karta boýunça haýsy ýerden barýandygyny anyklamak bilen, awtoulagyň tizlik derejesine hem gözegçilik etmäge ýardam berýär. Taksilerde bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek üçin elektron planşetler hem göz öňünde tutulandyr.

Belläp geçsek, döwlet Baştutanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ulag ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak babatda Ýer ýüzüniň tejribeli kompaniýalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşylýar.