2023-nji ýylda geçiriljek Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna häzirden taýýarlyk görülýär

Paýtagtymyz Aşgabatda 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty birnäçe täzelikleri özünde jemledi. Döwlet Maslahatynyň dowamynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini belledi. 

Mundan başga-da, Arkadagly Serdarymyz bu saýlawlara häzirki wagtdan giňden taýýarlyk görüp başlamagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu babatda Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda: «Men hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmalydygyny belleýärin» diýip belläp geçdi hem-de milli parlamentiň wekilleriniň Türkmenistan döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik işlerinde uly ornunyň bardygyna üns çekdi.