Hormatly Prezidentimiz «Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibini we şol ýygymyň möçberini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibini we şol ýygymyň möçberini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. 

Gol çekilen bu resminamamyň esasynda bolsa aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, alynýan ýygymyň möçberini kesgitlemek maksady bilen, şeýle-de «Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň Tertibi, şeýle hem şol alynýan ýygymyň möçberi tassyklanyldy.

Ýeri gelende bellesek, «Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibini we şol ýygymyň möçberini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew mejlisiň dowamynda hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy enjamlaryň we täzeçillikleriň ulanylmagy netijesinde, ýurtda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamynyň üstünlikli işleýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işler bilen baglylykda, birnäçe tabşyryklar berildi.