Germaniýanyň maşyngurluşykçylar Bileleşiginiň wekiliýeti Türkmenistana geler

Germaniýanyň maşyngurluşykçylar Bileleşiginiň söwda wekiliýeti (VDMA) 2022-nji ýylyň 21 — 26-njy noýabry aralygynda Türkmenistana geler. Myhmanlar Germaniýanyň Federal Ykdysadyýet ministrliginiň adyndan çykyş ederler. Bu barada «Monforts» kompaniýasynyň metbugat gullugynda habar berilýär. 

«Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Kakadaky täze dokma toplumy hem-de Babadaýhandaky zawod, şeýle-de beýleki soňky taslamalar üçin «Monforts» kompaniýasynyň enjamlaryny saýlandygyna begenýäris. Häzirki wagtda ýurtda 15 sany «Monforts» maşynynyň gurnalandygyny-da buýsanç bilen belläsimiz gelýär» - diýip, «Monforts» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Stefan Flet bu ugurdaky hyzmatdaşlyk barada belleýär.

Ýeri gelende aýdyp geçsek, «Monforts» kompaniýasy Ýer ýüzünde dokma pudagyna degişli döwrebap tehnikalary öndürijileriň kuwwatlylarynyň biridir.