Türkmenistan «Brýansk maşyngurluşyk zawodyndan» täze teplozowlaryň ýene-de bäşisini satyn aldy

«Türkmendemirýollary» agentliginiň ýük otlularynyň üsti Russiýa Federasiýasynyň «Brýansk maşyngurluşyk zawody» dolandyryş kärhanasy paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýollanylan 5 teplowoz bilen ýetirildi. Bu teplowozlar baglaşylan ikitaraplaýyn şertnama laýyklykda getirildi.

Täze teplowozlar Aşgabat şäherinde dabaraly ýagdaýda garşşylanyldy. Bu dabara emir ýol işgärleri, hormatly ýaşulular, nurana eneler, bagtyýar ýaşlar Aşgabadyň demir ýol menziline ýygnandylar. Il sylagly ýaşulular teplowozlaryň ýolunyň ak bolmagyny arzuw etdiler. Şunuň bilen baglylykda, milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi.

Bellenilişi ýaly, bu teplowozlar ýük çekijilik kuwwaty bilen aýratyn tapawutlanýar.

Täze teplowozlaryň gelip gowuşmagy iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşany boldy.