Demir ýol gatnawynda Aşgabat — Serhetabat gatnaw ugry gaýtadan işläp başlady

«Demirýollary» AGPJ-niň resmi web saýtynda Aşgabat — Serhetabat (Mary welaýaty) ugry boýunça ýolagçy demir ýol gatnawynyň gaýtadan ýola goýlandygy bilen baglanyşykly habar neşir edildi. Indi demir ýol ýolagçy gatnawlary sişenbe, penşenbe we şenbe günleri yzygiderli amala aşyrylar.

Bu ugruň gatnaw peteklerini «Demiryollary» AGPJ-niň resmi web saýtynda, şeýle hem «iPhone» we «Android» operasion ulgamlary üçin niýetlenen programmalar arkaly satyn alyp bolýar.

Bu gatnawda plaskartly wagonyň gatnawynyň bahasy — 27 manat 90 teňňedir. Özbaşdak kupe wagonynyň gatnaw bahasy bolsa — 50 manat 90 teňňedir.