Aşgabatda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň — wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri  Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk boldy. Bu barada TDH-niň resmi saýty habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maliýe-bank, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleri maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, özara yzygiderli esasda geçirilýän giň gerimli medeni çäreler, döredijilik festiwallary we sergiler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň özboluşly köprüsi bolup hyzmat edip, iki halkyň ýakynlaşmagyna, olaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna doly ýardam berýär. Ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, özara tagallalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygy, hususan-da, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek we Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Soňra gepleşikler ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde dowam etdi.

Şu ýylyň aprel aýynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellän Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy şu geçen ýyllarda gazanylanlary, milli bähbitleri hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň öňde durýan ilkinji derejeli wezipelerini göz öňünde tutup, strategik hyzmatdaşlygyň häzirki zaman nusgasyny ýola goýýarlar.

Bilelikde işlemegiň toplanan köpýyllyk tejribesi taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi pugta maksat edinýändigine şaýatlyk edýär. Häzir bu işleriň çäklerine käbir sebitler, iri senagat we medeni merkezler, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri, Russiýa Federasiýasynyň beýleki çäkleri goşuldy.

Daşary ýurt işewürleri üçin has oňaýly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmaklaryny giňeltmäge Russiýanyň işewür toparlarynyň örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, myhmanlar rus işewürliginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş babatdaky uly taslamalaryna mundan beýläk-de has işjeň gatnaşmaga hem-de türkmen hyzmatdaşlary bilen iň oňat öňdebaryjy tejribäni we täze tehnologik işläp taýýarlamalary paýlaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.