Türkmenistanda 9-11-nji dekabr aralygynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli çäreler geçiriler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň baýramy bilen utgaşýan hem-de ýylyň-ýylyna 12-nji dekabrda dabara bilen bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, Aşgabatda 9 — 11-nji dekabr aralygynda birnäçe forumlar we maslahatlar geçiriler.

Geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasyna halkara we sebitleýin derejedäki şu forumlar girýär:

•    Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň ýokary derejedäki duşuşygy;
•    Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk mejlisi    ;
•    Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýyllyk duşuşygy;
•    Merkezi Aziýa döwletleriniň Strategiki barlag institutlarynyň nobatdaky duşuşygy;
•    Ýaşlar bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň arasyndaky Dialog.

11-nji dekabrda bolsa gibrid görnüşde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň geçirilmegine garaşylýar. Parahatçylykly gepleşikleri guramak ugrundaky möhüm halkara başlangyçlaryň netijelerini jemleýän forum Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guralar.

Ýeri gelende bellesek, türkmen bitaraplygynyň baýramy 2015-nji ýyldan bäri halkara derejede bellenilip geçilýär.