Türkmenbaşy ― Gyzylsuw gämisiniň petegi indi onlaýn satylýar

«Çarlak» we «Rowaç» gämileri arkaly Türkmenbaşy şäherinden Gyzylsuw adasyna gatnaýan ýolagçylar indi petekleri öýünde oturan ýerinden onlaýn görnüşinde satyn alyp bilerler. Şeýle mümkinçilik «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň resmi saýtynda döredildi.
320 orunlyk «Çarlak» gämisi Türkmenbaşy halkara deňiz portunda türkmenistanly hünärmenler tarapyndan ýygnalan ilkinji ýolagçy gämisidir. Bu gämi ýolagçy gatnawynda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga gelýänler bilen gezelenç guramak üçin ulanylýar.

Gämi deňziň asuda bolan günlerinde her gün sagat 11-de Türkmenbaşy şäherinden ýola düşýär.

Türkmenistanyň «Deňiz söwda flotunyň» 2010-njy ýylda döredilendigini ýatladýarys. Ol häzirki adyna 2015-nji ýylda eýe boldy. 2019-njy ýylda bolsa «Deňiz söwda flotuna» «Milli deňiz gatnadyjysy» derejesi berildi.