Awazanyň ulag we üstaşyr geçiriş mümkinçilikleri artdyrylar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek bilen bagly bu ýerde geçiren maslahatynda zolakda ulag we üstaşyr geçiriş ýaly häzirki zaman infrastrukturasynyň döredilmegine hem ünsi jemledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, bu ýerde, Halkara howa menziliniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak zerurdyr.

Şeýle hem Türkmenistan daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekmek üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýeňilleşdirilen wiza düzgünini girizmegi meýilleşdirýär. Syýahatçylyk pudagynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen şeýle çäreleri güýçlendirmegiň maksadalaýykdygyny wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu maslahatda aýtdy.

«Awazanyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, migrasiýa we gümrük amallaryny gowulandyrmak üçin ýurduň şypahana merkezinde halkara ülňülerine laýyklykda ýörite wiza düzgüniniň işlenip düzülmegini we işe girizilmegini öwrenmek bilen bagly başlangyç öňe sürüldi» diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde geçirilen maslahatda syýahatçylygy ösdürmekde we onuň milli derejede ulanylmagynda dünýä tejribesini jikme-jik öwrenmegiň zerurdygyny belläp, degişli meseleleriň oňyn çözgüdi üçin kämil hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň düýbüniň 2007-nji ýylda tutulandygyny ýatladýarys. Häzirki wagtda bu ýerde dünýä derejesindäki şypahana we dynç alyş toplumy ― kottejler, myhmanhanalar, dynç alyş we saglyk merkezleri işleýär.