Türkmenistanda guraljak baýramçylyk söwdalarynda haryt bolçulygyna aýratyn üns berler

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda nokatlaryny ýurduň özünde we daşary ýurtlarda öndürilýän azyk we beýleki önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda, esasan, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli, ýurtda baýramçylyk söwdalaryny guramak, haryt bolçulygyny has-da üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi hem-de wise-premýere ýurduň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny we olaryň bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.