«Astoria Grande» ýolagçy gämisi Soçi — Aleksandriýa ugry boýunça gatnap başlar
«Astoria Grande» ýolagçy kruiz laýneriniň resmi web saýtynda Soçiden (Russiýa) Aleksandriýa (Müsür) aralygyna täze gatnawyň açylýandygy barada beýan edilýär.
Degişli ugur boýunça syýahat iki hepdeläp dowam eder. Ol Soçi (RF) — Stambul (Türkiýe) — Kuşadasy (Türkiýe) — Aleksandriýa (Müsür) — Izmir (Türkiýe) — Amasra (Türkiýe) — Soçi (RF) gatnaw ugry boýunça ýerine ýetiriler. Häzirki wagtda bu syýahatlar üçin ýer sargyt edip bolmaýar. Olar babatda web saýtda diňe habarnamalar üçin elektron poçta salgysyny goýmak mümkinçiligi bardyr.
Bu syýahatlar 2023-nji ýylyň 8-nji aprelinde we 11-nji noýabrynda meýilleşdirilýär. Bellesek, «Astoria Grande» ýolagçy laýneri 2022-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Soçiden Türkiýä yzygiderli syýahatçylyk gatnawyny ýerine ýetirip başlady.